23-nji
maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň
häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň
dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen
wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de
öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly
meselelere garaldy.