milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
18 sagat öň 27 Habarlar

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.

«ŞHG+» formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak «ŞHG+» formatynyň esasy maksady bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.

Mejlisiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda ykdysadyýet, energetika, medeni-ynsanperwer, innowasiýalar hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, söwda, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, infrastruktura taslamalary, maliýe mehanizmlerini döretmek bilen baglanyşykly we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokary derejeli duşuşygyň ahyrynda Başlyk Si Szinpin hormatly Prezidentimize çakylygy kabul edip, Hytaýa gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we döwlet Baştutanymyzyň çuň manyly çykyşynyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.