Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilýän ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza
gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Döwlet
Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, şeýle hem
Hazar ekologiýa sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk
bildirdi hem-de Russiýa Federasiýasynyň bu möhüm halkara çärelere gatnaşmagynyň
aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
–
Biz Siziň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüňize
ýokary baha berýäris hem-de Awazadaky duşuşyklara açyk pikir alyşmak,
bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny
kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde garaýarys – diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy we RF-niň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki sаparynyň iki ýurduň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam
etjekdigine ynam bildirdi.
Prezident
Wladimir Putin bildirilen myhmansöýerlik hem-de halkara çärelere gatnaşmaga
çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän çäreleriň möhüm ähmiýetini
belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasyna möhüm we
ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýar. Iki ýurduň arasyndaky strategik
hyzmatdaşlyk berk binýada eýedir we ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar.
Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Iki ýurduň
arasynda ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar ikitaraplaýyn gün tertibiniň
möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik döredýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn dialogyň mundan beýläk-de
berkidilmeginiň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Ikitaraplaýyn
gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Russiýa
Federasiýasy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda
hyzmatdaşlarynyň biridir. Şeýle hem ýurdumyz Russiýa Federasiýasynyň
subýektleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy we olary mundan beýläk-de
giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer ulgam
özara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ugurda bilim, saglygy
goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen mundan beýläk-de köpugurly,
hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, türkmen-rus
gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam
bildirdi.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk,
rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we
Russiýanyň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.