7-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada
gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — RF-iň
Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de Russiýa
Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary — stats-sekretary Grigoriý
Karasini kabul etdi.
Myhmanlar wagt
tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-iň Hökümetiniň Başlygy
Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny, şeýle hem ýetip gelýän baýramçylyk — 1941
— 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli
gutlaglaryny ýetirdiler. Olar ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny
ýolladylar.
Türkmen-rus
gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda ylym,
bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, biz
geljekde hem bu gatnaşyklary goldamagy we ösdürmegi, şeýle hem medeniýet günlerini,
maslahatlary, sungat festiwallaryny geçirmek arkaly döredijilik işgärleriniň
gatnaşyklaryny höweslendirmegi maksat edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhmanlar
türkmen-rus gatnaşyklarynyň öňden gelýän dostlugyň we hyzmatdaşlygyň baý
tejribesine daýanmak arkaly geljekde-de täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna
hem-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin hem gatnaşdy.