15-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine
ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň
Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara
toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Duşuşygyň
dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de geljek üçin
meýilnamalar bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara
alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki netijeli, ynanyşykly
dialog türkmen-rus hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň kesgitleýji şertidir. Şu ýyl
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň
ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslendi. Şol ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň
arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde depginli
ösdürildi.