Hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň
ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, onuň ýurdumyza
saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-russiýa
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine
ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny
we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň
strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk
uzakmöhletli häsiýete eýedir we deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak
ýörelgeleri esasynda guralýar.
Duşuşygyň dowamynda
hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda
döwletara hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribä, dostlugyň we hoşniýetli
goňşuçylygyň berk gatnaşyklaryna daýanýandygy bellenildi. Syýasy dialog, şol
sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry
boýunça köptaraply gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk
amala aşyrylýar, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler işjeň
geçirilýär.