19.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrine gutlag hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrine gutlag hatyny iberdi
23.03.2020 263 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň ýokary hünär ussatlygyny hem-de uly syýasy tejribesini belläp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem özara düşünişmegiň we ynamyň köpýyllyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Sergeý Lawrowa jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.