Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannise we ýurduň ähli
halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy
arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly
mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Klaus Werner Ýohannise tüýs ýürekden berk
jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Rumyniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk,
ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.