10-njy
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding»
türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
Işewür
duşuşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan edip hem-de pursatdan
peýdalanyp, milli Liderimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni bilen
gutlady, türkmen halkyna bagt we abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de
rowaçlyk arzuw etdi.
Erman Ylyjak
soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan hem-de Garaşsyz, Bitarap
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine we halkara derejede abraýynyň
belende göterilmegine kuwwatly itergi beren giň gerimli özgertmelere ýokary
baha berip, kemala gelen üstünlikli hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden buýsanýandygyny
aýtdy hem-de öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy dowam
etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň
hyzmatdaşlyga örän jogapkärli çemeleşýändigini, özüni ygtybarly hyzmatdaş
hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň öz ykdysady
ösüşinde belli daşary ýurt korporasiýalarynyň, şol sanda Türkiýe
Respublikasynyň kompaniýalarynyň innowasiýa häsiýetli işläp taýýarlamalaryny
peýdalanmagy ugur edinýändigini aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, dünýäniň iri işewürler toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki
döwürde täze many-mazmuna eýe bolýar, şähergurluşyk, şeýle hem senagat ulgamlarynda
giň gerimli bilelikdäki taslamalara öwrülýär.
Milli
ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we
diwersifikasiýalaşdyrylmagy, täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň
döredilmegi daşary ýurt işewürler bileleşikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek
üçin giň mümkinçilikler açýar. Muňa «Rönesans Holding» kompaniýasynyň
gatnaşmagynda Ahal welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen tebigy gazdan sintetiki
benzin öndürýän zawod hem şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň
çäklerinde milli Liderimiz we myhman özara bähbitlere esaslanýan hyzmatdaşlygyň
geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Erman Ylyjak döwlet
Baştutanymyza dürli maksatly düzümleýin desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly
kompaniýa ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenilen ähli
gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň we bellenilen möhletde ýerine
ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň netijeli işi üçin giň mümkinçilikleriň döredilen ýurdy bolan Türkmenistan bilen oňyn we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly hormatdygyny ýene bir gezek nygtap, «Rönesans Holding» kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.