Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa
Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde
bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly
gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň
dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini,
ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.