24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de Halkara
ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan
Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap barýarka, ýolugra wise-premýer
Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça
paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş
işleri bilen tanyşdy.
Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, döwlet
Baştutanymyz at heýkellerini abadanlaşdyrmak işleriniň toplumlaýyn esasda
ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi we onuň yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet
berilmegini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
belleýşi ýaly, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy arkaly bu atlaryň her birine
ahalteke bedewlerine mahsus reňk öwüşginine eýe bolmagy zerurdyr. Munuň özi
şäheriň bu künjeginiň agşamky görnüşleriniň gözelligini has-da artdyrar.