06.12.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
21.11.2021 57 Habarlar

20-nji noýabrda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, säher bilen irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, bu gezek hem milli Liderimiz şäherçäniň sport toplumynda oturdylan enjamlaryň birnäçesinde bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.