Düýn – 14-nji
noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda
we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet
Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk
toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.
Döwlet Baştutanymyz
uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda hem-de Arkadag şäheriniň
çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen özgertmeleriň barşyny synlady. Şunda adamlaryň bagtyýar durmuşyny
üpjün etmek, şol sanda amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen bagly meselelere
aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda dürli maksatly binalaryň gurluşyklary
bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, olaryň
abadanlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Baş şäherimiziň döwrebap ýollary,
seýilgäh zolaklary, ekologik ýagdaýy bir bitewi sazlaşygy emele getirip,
paýtagtymyzyň şähergurluşyk derejesini has-da belende göterýär.
Gahryman Arkadagly
Serdarymyz ýurdumyzyň baş şäherinde maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa
geçirilişiniň depgini bilen tanşyp, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny
dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen
şygary baş ýörelge edinýän syýasatyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň
nobatdaky beýanydyr.