milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
5 sagat öň 18 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.