2025-nji ýylyň 25-nji iýuny – 3-nji iýuly aralygynda
ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara
okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasy geçirilýär. Bu barada
Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çäräniň çäginde ummanlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek,
howanyň üýtgemeginiň täsirlerini çaklamak we deňiz gurşawyny goramak boýunça
halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tematiki ylmy sapaklar we
ýörite duşuşyklar hem geçirilýär.
Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde
Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow,
Türkmenistanyň ÝUNESKO-yň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly Ilçi Maksat Çaryýew, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Şertnama-hukuk departamentiniň işgäri Kemal Garaýew
gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň
işine işjeň gatnaşmak arkaly öz ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ösdürmegi,
halkara ylmy dialogy çuňlaşdyrmagy we okeanlary hem-de deňizleri goramak bilen
baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmagy maksat
edinýändigi bellenildi.
Türkmenistan deňiz ekoulgamyny goramak, ylmy
barlaglary ösdürmek we okeanografiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny
güýçlendirmek boýunça halkara başlangyçlaryna yzygiderli ygrarlylygyny
görkezýär. Şeýle hem, sebit üçin Hazar deňziniň aýratyn ähmiýeti göz öňünde
tutulyp, deňiziň bioköpdürliligini goramak we deňiz serişdelerinden durnukly
peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär.