22 — 26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynyň
Er-Riýad we Mekge şäherlerinde saparda boldy.
Saparyň dowamynda Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkezi bilen
bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň
ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat guraldy.
Ylmy maslahatyň işine Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet we
ylym boýunça döwlet edaralarynyň wekilleri, alymlar we sungat işgärleri,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip,
Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Çäräniň çäklerinde Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkeziň
ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy-barlag we gözlegler
merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly –
dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
25-nji iýunda türkmen wekiliýetiniň Mekge şäherine amala aşyran
saparynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary «Haram al-Mekki el-Şerif»
kitaphanasynyň we Mukaddes Kurany-kerem muzeýiniň işi bilen tanyşdylar.