Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti
Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň
ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny,
iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky
deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine
esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge hem-de ony täze derejä çykarmaga uly
ähmiýet berýändigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de
Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk,
rowaçlyk, Pakistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we
abadançylyk arzuw etdi.