8-nji noýabrda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we
Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň pagtaçylarynyň pagta
taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.
Sebitleriň
ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy türkmen daýhanlarynyň gazanan täze ýeňşi
bilen ähli oba hojalyk işgärleriniň adyndan gutladylar.
Şu ýyl gowaça
ösdürip ýetişdirmäge ilkinji gezek hususy önüm öndürijiler hem girişdiler.
Olara milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlarda oba hojalyk ähmiýetli
döredilen ýörite ýer gaznasyndan ýer bölekleri bölünip berildi.
Welaýatlardan gelen,
elleri ak gar ýaly pagtaly horjunly körpe nesiller milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowy «ak altyn» ussatlarynyň gazanan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen
gutladylar. Olar bu waka bagyşlanan we belent ruha beslenen goşgy setirlerini
okadylar.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, edermen
daýhanlaryň Hasyl toýuny uly zähmet sowgatlary bilen garşylaýandyklaryny
belledi. Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pagta
tabşyryp, olar şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pagtaçylaryna, ähli oba
hojalyk işgärlerine öndürijilikli zähmeti we ýeten derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.