Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Döwlet
Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek
baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Özbegistan
Respublikasynyň bu wajyp halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete
eýedigini belledi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Şawkat Mirziýoýewiň sebit hyzmatdaşlygyny
ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini, Awazadaky
duşuşyklara açyk pikir alyşmak, bilelikdäki çemeleşmeleri işläp düzmek we özara
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik hökmünde
garalýandygyny aýdyp, Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki
sаparynyň hem iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de
pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Prezident
Şawkat Mirziýoýew hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin
hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň
üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de bu möhüm çäräniň dowamynda kabul
edilen çözgütleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti
pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň
arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin
hem-de strategik häsiýete eýedir. Türkmenistanda Özbegistan Respublikasy bilen
netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurtlarymyzy diňe bir
geografik ýerleşişi däl, eýsem, taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy
umumylyklar hem birleşdirýär.
Döwlet
Baştutanymyz iki ýurduň BMG-niň, YHG-nyň we GDA-nyň çäklerinde netijeli
hyzmatdaşlyk edýändigini, birek-biregiň başlangyçlaryny yzygiderli
goldaýandygyny aýratyn belläp, ýokary derejedäki türkmen-özbek dialogyna mahsus
bolan birek-birege düşünişmegiň we açyklygyň özara bähbitli strategik
hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm şert bolup durýandygyny aýtdy. Bu bolsa, öz
gezeginde, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de ony täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrmak üçin berk binýat döredýär.
Hormatly
Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady ulgamda baý tejribe
toplanylandygyny belläp, geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmen-özbek serhetýaka
söwda zolagynyň açylmagynyň munuň aýdyň mysaly bolandygyny aýtdy.
Ulag
we logistika ulgamy türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň biri
bolup durýar. Ýurtlarymyzyň örän amatly geografik çäkde ýerleşmegi bu ulgamda
özara taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Döwlet
Baştutanymyz medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn belläp,
Medeniýet günleriniň we festiwallaryň geçirilmeginiň, sungat we ylmy işgärleriň
arasyndaky yzygiderli dialogyň iki halkyň medeniýetlerini özara baýlaşdyrmaga
hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berýändigini
aýtdy.
Duşuşygyň
ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary däp
bolan türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de
pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, döwlet
işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa abadançylyk,
rowaçlyk arzuw etdiler.
Duşuşygyň
netijeleri boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň
arasynda strategik hyzmatdaşlyk boýunça Ýokary geňeşi döretmek hakynda Şertnama
gol çekdiler.