12-nji
maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň
we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna we zenanlaryň dialogynyň
mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Oliý
Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewany kabul etdi.
Myhman
wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň aýdan
mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny
ýetirdi.