Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Mohammad Aşraf Ganini Owganystan Yslam
Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli
gutlady.
Milli
Liderimiz gutlagynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara hormat
goýmagyň, ynamyň hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslanýan däp
bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de
ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammad Aşraf Ganä
berk jan saglyk we bagtyýarlyk, şeýle hem doganlyk Owganystanyň öňe gitmeginiň
we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler arzuw
etdi.
***
Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä we ähli doganlyk owgan halkyna Halkara Nowruz
güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi we abadançylyk hem-de ösüş
baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Milli
Liderimiz gutlagynda Nowruz baýramynyň parahatçylygy hoşniýetli goňşuçylygy,
raýdaşlygy we tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy alamatlandyrýandygyny, täze
günüň, täze başlangyjyň buşlukçysy bolup durýandygyny belledi. Bütin adamzadyň
medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen bu nurana baýram belent
ynsanperwerlik maksatlaryny özünde jemlemek bilen, halklaryň arasynda
agzybirligi we dostlugy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet
Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp baýramçylygyň goňşy ýurduň
Baştutany hem-de ähli doganlyk owgan halky üçin bagtyýarlyk, şatlyk hem-de täze
üstünlikleriň baýramyna öwrülmegini arzuw etdi.