4-nji iýunda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjak obasyndaky metjitde
mukaddes Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi.
Döwlet
Baştutanymyz kümmete baryp Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty
ýadygärligini hatyralap, oňa gül çemenini goýdy. Hormatly Prezidentimiz
halkymyzyň öten-geçenlerini hatyralap, olaryň ruhunyň şat bolmagyny dileg etmek
ýaly asylly däplere eýerdi. Soňra bu ýerde guralan çärä gatnaşyjylar
Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyraladylar.
Soňra Gypjak
obasynda ýerleşen metjitde döwlet Baştutanymyz öz serişdeleriniň — ýazan
kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna toý sadakasyny berdi.