Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň
adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Haýsam bin
Tarek Al Saida Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Kabus Bin Saidiň aradan çykmagy
zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady.
Gynanç hatynda
bellenilişi ýaly, türkmenistanlylar doganlyk halkyň gynanjyny paýlaşýar. Onuň
Alyjenaby Kabus Bin Said görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Oman
soltanlygynyň gülläp ösmeginiň hem-de onuň halkynyň abadançylygynyň bähbidine
örän uly işleri bitirdi.
«Gudraty Güýçli Allatagala Siziň Alyhezretiňize we Omanyň ähli halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik bersin» diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär. Milli Liderimiz Kabus Bin Saidiň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynanýandygyny belläp, şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Omanyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.