03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
22.05.2020 68 Habarlar

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary E.Orazgeldiýewiň hem-de Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň ilatyny türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan ilkinji nobatda amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň senagat önümçiligi bilen birlikde utgaşykly işlemegini gazanmagyň ileri tutulýan wezipedigine wise-premýerleriň ünsüni çekdi we şunuň bilen baglylykda, olaryň öňünde ýerine ýetirilmeli anyk wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, ýurdumyzda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak barada tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyza daşyndan getirilýän gök-bakja önümleriniň möçberlerini azaltmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde welaýatlarda ýeralmanyň we soganyň ekilýän meýdanyny giňeltmek hem-de goşmaça gök-bakja ekinleriniň ekilmegi üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinlerini mineral dökünler bilen üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilýän ýeralma, sogan we gök-bakja ekinleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenen möhletde hem-de zerur möçberlerde mineral dökünler bilen üpjün edilmelidir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkeziniň binagärlik keşbini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.