Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan
esaslandyrylan «Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýörite sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu
sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen Bitaraplygyna we
onuň ähmiýetine degişli dürdäne jümleleri bilen açylýar.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip
atlandyrylan 2025-nji ýyl ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan
üstünlikleriniň özboluşly beýany hökmünde taryha ýazylýar. Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan üçünji gezek ykrar
edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara bileleşik
tarapyndan uly hormat goýulýandygyny görkezýär. Žurnalyň ýörite sanynda berlen makalalarda
Türkmenistanyň umumadamzat bähbitlerini nazarda tutýan, häzirki zamanyň syýasy
şertlerinde halkara tagallalary birleşdirmek hem-de bu ugurda degişli
syýasy-diplomatik mümkinçilikleri hödürlemek boýunça öňe sürýän
başlangyçlarynyň taryhy ähmiýetine üns berilýär.
“Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy:
bilimiň täze gözýetimleri” atly umumy sözbaşy astynda ýerleşdirilen
“Türkmenistanyň Bitaraplygy: milli kökleriň, pedagogik we pelsepewi
garaýyşlaryň sazlaşygy” atly makalada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy
baradaky baý mazmunly bilimiň ähmiýeti nygtalýar. Bu ugurda bar bolan
meseleleri çuňňur özleşdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly
Prezidentimiziň gymmatly kitaplaryny we eden çykyşlaryny okuw-terbiýeçilik
işlerinde ýakyndan peýdalanmak möhümdir. Dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi
üpjün etmäge, howpsuzlygy, asudalygy pugtalandyrmaga gönükdirilen
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň tutumly dabaralary,
ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleri hakyndaky makalalar žurnalyň
sahypalarynda öz beýanyny tapýar.
Türkmenistan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe
sürmek bilen, BMG-niň dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki döwrüň meseleleri we
olary durmuşa geçirmegiň ýollary baradaky garaýyşlaryny beýan edýän hukuk
binýadyna esaslanýar. “Türkmen Bitaraplygy — ynanyşmagyň we parahatçylygyň
kepili” atly makalada ýurdumyzyň başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy
anyk mysallar arkaly açylyp görkezilýär. “Ylmy makalalar” atly umumy sözbaşyda
ýerleşdirilen “Halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň
parahatçylyk döredijilik kuwwatynyň güýçlenmegi” atly makalada Türkmenistanyň
Bitaraplyk syýasaty, onuň geçen taryhy ýoly, bitaraplygyň milli ýörelgeleriniň
kanunçylykda berkidilmegi barada garaýyşlar beýan edilýär.
“Bitaraplyk ýyllarynda lukmançylyk biliminde we
ylmynda ýetilen sepgitler”, “Bitaraplyk ýyllary içinde BMG-niň resmi dillerini
öwretmek boýunça ýetilen sepgitler” atly ylmy makalalar bilim ulgamyndaky
üstünliklere bagyşlanýar. “Parahatçylygy dörediji dialogyň kuwwaty — ynamy
berkitmegiň we durnukly ösüşiň binýady” atly makalada häzirki zaman halkara
syýasatynda türkmen Bitaraplygynyň ählumumy parahatçylygy berkitmekdäki
ähmiýetine üns çekilýär. Žurnalyň sahypalarynda tejribeli mugallymlaryň, usulyýetçi
alymlaryň “Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk taglymatyny öwrenmegiň
ylmy-usulyýet meseleleri”, “Türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik we
ynanyşmak ýörelgeleriniň etnopedagogik esaslary” ýaly makalalaryna-da orun
berilýär.
“Sport — parahatçylygyň ilçisi” atly ylmy makalada
ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap bilimli ýaşlary terbiýeläp
ýetişdirmek babatda alnyp barylýan syýasat, bu ugurda geçirilýän giň gerimli
çäreler, ýaryşlar we olaryň netijeleri barada söhbet edilýär. “Mekdebe çenli
terbiýe” atly umumy sözbaşy astynda ýerleşdirilen “Çagada irki ösüş döwründe
ynsanperwerlik gymmatlyklaryna söýgi döretmek”, “Körpelerde milli duýgulary
döretmek möhüm wezipedir” atly makalalarda mekdebe çenli edaralarda
terbiýelenýän döwründen başlap çagalara Bitaraplygyň türkmen nusgasy baradaky
başlangyç düşünjeleri bermegiň usulyýeti beýan edilýär.
Žurnalyň “Ýokary bilim” atly bölüminde “Bitaraplyk
ýörelgelerini çeper şöhlelendirýän eserleri edebiýat sapaklarynda öwretmegiň
ähmiýeti”, “Oňyn Bitaraplygymyzyň milli nusgasyny ýokary bilimde wagyz etmegiň
aýratynlyklary”, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň ýokary
okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygy”, “Lukman talyplara hünäre
ugrukdyrylan daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary”, “Maglumatlary
goramagyň kriptografik usulynda STEM bilimine esaslanmagyň aýratynlygy” atly
makalalar ýerleşdirilip, olarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesiniň many-mazmuny, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti, ýokary bilimde ýetilen
sepgitler, okuw işindäki täze usulyýetler barada giňişleýin maglumat berilýär.
“Bilim” ylmy-usuly žurnalynyň ýörite sany bilim
ulgamynyň hünärmenlerine we giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.