Hormatly
myhmanlar!
Eziz watandaşlar!
Garaşsyz
ýurdumyzyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de
«Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler
we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy
bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
«Türkmenistan
— rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda geçirilýän bu serginiň
we halkara ylmy maslahatyň Garaşsyz döwletimiziň oba hojalyk pudagynda gazanan
üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri bilen giňden tanyşdyrmakda, oba hojalyk
ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de olaryň tohumçylygyny alyp barmak boýunça
daşary ýurt döwletleri bilen özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe
boljakdygyna berk ynanýaryn.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda
toplumlaýyn ösdürmek hem-de beýleki pudaklar bilen bir hatarda iň girdejili
pudaklaryň birine öwürmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Dünýäniň ösen tehnologiýalary, ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý iş
tejribesi häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, önümçilige
yzygiderli ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynda zähmet çekýän alymlar we
hünärmenler tarapyndan oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we
welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän täze görnüşleri yzygiderli
döredilýär.
Garaşsyz
döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge,
toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga
ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli
döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary bilen yzygiderli üpjün edilmegi,
olar üçin tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň we
ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli
bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda
geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda ak bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja
önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär hem-de azyk
bolçulygynyň binýady has-da pugtalandyrylýar.
Hormatly myhmanlar!
Häzirki wagtda
ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek, Berkarar
döwletimiziň ykdysady kuwwatyny halkara derejede berkitmek ugrunda döwletimiz
tarapyndan giň möçberli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk pudagynda gazanylýan
her bir üstünligiň, zähmet ýeňşiniň aňyrsynda, ilkinji nobatda, oba
zähmetkeşleriniň ýadawsyz yhlasy we döredijilikli zähmeti bardyr.
Şonuň üçin
hem, döwlet tarapyndan kabul edilýän çözgütleriň, alnyp barylýan işleriň ählisi
güneşli Diýarymyzyň zähmetsöýer halkynyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagyna
gönükdirilendir. Çünki oba zähmetkeşleri ýadawsyz, halal zähmeti bilen
bereketli türkmen topragyndan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmekde,
halkymyzyň gadymy daýhançylyk däplerini dikeltmekde bahasyna ýetip bolmajak
işleri alyp barýarlar hem-de ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna
özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Hormatly
adamlar!
Biz oba
hojalyk pudagyny ösdürmekde, pudakda işleri dünýä ylmynyň gazanan baý tejribesi
bilen utgaşykly alyp barmakda, türkmen daýhanynyň iş we ýaşaýyş-durmuş
şertlerini ýokarlandyrmakda mundan beýläk hem ähli tagallalary ederis. Oba
hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da çaltlandyrmak, Garaşsyz
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek baradaky ýörelgelerimizden ugur alyp,
ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagy üçin dünýäniň iň
kämil, ýokary öndürijilikli tehnikalaryny we gurallaryny yzygiderli satyn
almak, tarp ýerleri özleşdirmek, ekinleri suw bilen üpjün etmegi talabalaýyk
ýola goýmak boýunça geçirilýän işleri elmydama üns merkezinde saklarys.
Geçirilýän bu
serginiň we halkara ylmy maslahatyň ýurdumyzyň oba hojalygynda, şol sanda oba
hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri
halkara jemgyýetçilige giňden ýaýmakda, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen
tejribe alyşmakda we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe
boljakdygyna ynanýaryn.
Gadyrly
myhmanlar!
Eziz watandaşlar!
Türkmenistanyň
oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň açylmagy we «Türkmenistanyň
oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan
möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen sizi
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň ähliňize
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, oba hojalygyny ösdürmek ugrunda alyp
barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW