29-njy
awgustda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara
kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy hem-de Türkmenistanyň
Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi kabul etdi. Bu
kompaniýalar toparynyň baş edara binasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýär.
Duşuşygyň
dowamynda işewür döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda
holding tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip,
nebitgaz ulgamynda we beýleki ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa
geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Soňra
Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew
ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda geçirilýän işler hem-de milli
Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.