19-njy
noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň
ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda nebitgaz toplumynyň işini
has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlaryny göz öňünde tutup, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak
baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz senagatynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet
Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji noýabrda geçiren mejlisinde kesgitlän
wezipeleri babatda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin
kesgitlenen meýilnamalar barada hasabat berdi.
Wise-premýer içerki
sarp edijileri tebigy gaz bilen durnukly üpjün etmek üçin görülýän çäreler hem-de
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, «mawy ýangyjyň»
daşary bazarlara iberilişi barada hasabat berdi.
Şeýle hem
nebiti gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, innowasion tehnologiýalary
önümçilige ornaşdyrmak, nebit önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden
peýdalanýan görnüşlerini öndürmek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen
doly üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.