milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07.2025 211 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň ähli halkyna Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Müsüriň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.