9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.
Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri hakyndaky hoş habar bilen başlady.
Döwlet Baştutanymyz Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine orak döwründe işiň üstünde bolup, işleriň talabalaýyk we guramaçylykly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.