5-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikowyň we
Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Onuň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Milli
Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda serediljek meseleler barada aýdyp, ilki
bilen wise-premýer G.Müşşikowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer häzirki
döwürde toplumyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we
tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen
talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal
beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.