9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda iki tarap üçin hem ykdysady taýdan bähbitlilik esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wagit Alekperow biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän ulgamyň, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gaz we nebithimiýa senagatynyň ösdürilmeginde toplanan tejribäni türkmen tarapyna hödürlemäge taýýardygyny nygtady.