5-nji fewralda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň
«Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul
etdi.
Duşuşygyň
dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de «Lukoýl» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bar
bolan mümkinçilikleri we olary amala aşyrmagyň meýilnamalaryny nazara almak
bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Ýurdumyzyň
energetika strategiýasynyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek,
nebitgaz çykarýan hem-de gaýtadan işleýän önümçilikleriň kuwwatlyklaryny
artdyrmak, gaz we nebithimiýa senagatyny ösdürmek hem-de ýokary tehnologiýaly
önümleri öndürmek ýaly esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz russiýaly hyzmatdaşlaryň başlangyçlaryny goldap, taraplarda bar bolan teklipleriň «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen bilelikde öwrenilmegi hem-de seretmäge hödürlenilmegi barada tabşyryk berdi.