milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
22.02.2020 1385 Habarlar

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

2015-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda düýbi tutulan Lebap welaýatynyň baş metjidi sebitiň dolandyryş merkeziniň bezegine öwrüldi.

Täze metjidiň merkezi gümmeziniň depesinde altyn çaýylan aý goýlupdyr. Şeýle hem binagärlik toplumy bezeg sungatynyň özboluşly usullary bilen timarlanan minaralaryň dördüsini öz içine alýar.

Hajy Arkadagymyz yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden özüne ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügi ylahy gymmatlyk hökmünde täze gurlan metjide ýadygärlik hökmünde gowşurdy.

Metjitde, şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu keramatly teperrik milli Liderimize Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde haj parzyny berjaý eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu metjidiň umumy meýdany 5 gektara barabardyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Dört minarasynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem metjidiň gapdalynda 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň baş metjidini gurmak işi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn gül» hususy kärhanasyna ynanyldy.