Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže
Ine Wengriýanyň Budapeşt şäherinde, Dunaý derýasynda seýil edilýän gäminiň
heläkçilige uçramagy netijesinde Koreýa Respublikasynyň raýatlarynyň pida
bolandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.