29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça geçen ýylyň güýzünde Halk Maslahatynda kabul edilen çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Geçen döwrüň içinde Toparyň iki mejlisi – birinjisi geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda we ikinjisi hem 4-nji dekabrynda geçirildi.
Toparyň birinji mejlisinde iş meýilnamasy tassyklanyldy hem-de onuň agzalarynyň öňünde durýan wezipeler, şeýle hem bu düzümiň guramaçylyk meseleleri kesgitlenildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça anyk işleriň ýerine ýetirilendigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz degişli hasabatlary bermek üçin Konstitusion toparyň agzalaryna söz berdi.
Mejlisiň Başlygynyň orunbasary, Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň başlygy K.Babaýew Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň başlygy täze dörediljek palatanyň agzalaryny saýlamak bilen bagly kadalary öz içine alýan goşmaçalary girizmek boýunça işleriň geçirilendigini habar berdi. Şunda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň wekilçiliginiň deň üpjün edilmegi maksadyndan hem-de daşary ýurtlarda giňden ulanylýan oňyn tejribelerden ugur alyndy.
Şeýle hem Milli Parlamentiň iki palatasynyň hem agzasyna bildirilýän esasy talaplar, onuň özbaşdak işleýän palatalarynyň maslahatlaryny geçirmegiň tertibi, görnüşleri we beýleki düzgünleri boýunça gelip gowuşýan teklipler öwrenildi. Şunuň bilen birlikde, Parlament tarapyndan kanunlaryň kabul edilmeginiň, makullanylmagynyň we tassyklanylmagynyň tertibi bilen bagly kadalar beýan edildi. Şeýle-de Konstitusion Kanunyň taslamasy işlenende, toplanan milli tejribä daýanylandygy we daşary ýurtlaryň bu ugur boýunça degişli tejribesiniň öwrenilendigi nygtaldy.