Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Kids
EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary
forumyň öz işine başlamagy bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz öz Gutlagynda Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda her ýylda geçirilmegi däbe
öwrülen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy hem bu
ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň görkezijileriniň biridigini nygtaýar. Şeýle
hem Gutlagda ýokary guramaçylyk derejesinde, giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylan
bu sergi-ýarmarkanyň döwrebap ekspozisiýalarynda çagalar we ýetginjekler üçin
niýetlenen, ösüşe ýardam berýän oýunlaryň, neşir önümleriniň, okuw
esbaplarynyň, egin-eşikleriň, sport, elektron harytlaryň we beýleki ýokary
hilli, ekologik taýdan arassa önümleriň dürli görnüşleriniň hödürlenjekdigi
bellenilýär.
Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda: «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkada ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň çagalar üçin önümleri öndürýän, hyzmatlary amala aşyrýan kärhanalaryna, okuw merkezlerine, halkara guramalara öz täze innowasion işläp taýýarlamalary, ýokary hilli önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga ähli mümkinçilikler dörediler. Bu sergi-ýarmarka çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüler, ussatlyk sapaklaryna, bäsleşiklere gatnaşmak arkaly başarnyklaryny artdyrmak üçin gyzykly we ajaýyp meýdança bolup hyzmat eder» diýip belläp, halkara sergi-ýarmarkanyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary forumyň öz işine başlamagy bilen gutlady.