11-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy
Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp
taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabeni kabul etdi.
Myhman
ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady hem-de berk jan saglyk,
alyp barýan köptaraply işlerinde üstünlikler, türkmen halkyna bolsa abadançylyk
we rowaçlyk arzuw etdi.
Jenap Tasuýa
Watanabe ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap,
Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň işewürligi ösdürmäge örän amatly şertler
döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny ýokary derejede
pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli
arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli
pudaklarynda, şol sanda dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri
çykarýan iri senagat desgalaryny gurmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary
ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin hemişe
açykdygyny nygtady.
Iň oňat dünýä
tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berilýän
milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürilmegi uzakmöhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň
mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň iri kompaniýasynyň arasynda ýola
goýlan hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, häzir däp
bolan bu işewür gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarmak arkaly, giň
gerimli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman senagat düzümini kemala getirmäge
gönükdirilen özgertmeler maksatnamalary nazara alnyp, mundan beýläk-de
bilelikde işlemegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Ahal
welaýatynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda bina
edilen tebigy gazdan sintetiki awtomobil benzinini öndürýän topluma aýratyn üns
berildi. Çig maly düýpli arassalamak boýunça ýokary tehnologiýalaryň
ornaşdyrylmagy netijesinde, bu kärhana dünýä tejribesinde iň innowasion
häsiýetli önümçilikleriň biri bolup durýar. Zawodyň çykarýan önümleri hil we
ekologiýa talaplary boýunça halkara ölçeglerine kybap gelýär.
Şulardan ugur
alnyp, şunuň ýaly toplumyň ýene-de biriniň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde
tutulýar. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu
ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet
konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» we «Sojitz Corporation»
kompaniýalar toparynyň arasynda degişli ähtnama gol çekildi.
Işewüriň
aýdyşy ýaly, Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de
gerimini giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýän «Kawasaki» kompaniýasy öz ähli
tejribesini we iň täze tehnologiýa işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge
taýýardyr.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman anyk netijelere gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.