milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.11.2019 400 Habarlar

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşykda milli Liderimiz we dostlukly ýurduň ilçisi özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli ugurlardaky netijeli işewür gatnaşyklaryň ösdürilýändigi barada aýdyldy. Tutuş dünýäde durnukly ösüşiň möhüm şertini emele getirýän nebitgaz pudagy we ulag ulgamy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýan däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Sport ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisi-de bu ugruň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz we Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, olaryň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine hem-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.