Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek
boýunça netijeli we toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek maksady
bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
“Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji
ýyllar üçin Milli strategiýasy” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça
2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy
tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna,
welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň
ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.