09.04.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidenti «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktoryny kabul etdi
13.02.2020 217 Habarlar

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda kompaniýanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy dünýäniň ýük awtoulaglaryny we ýöriteleşdirilen ulag serişdelerini öndürijileriniň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz we myhman pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny bilelikde amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini ikitaraplaýyn bähbit üçin netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.