26-njy
oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow noýabr aýynda milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň
Italiýa Respublikasyna meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada
hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Buýrugyň taslamasyny
hödürledi.
Resmi saparynyň
çäklerinde Milan şäherinde 6-njy noýabrda işewürler maslahaty geçiriler. Işewür
duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisini guramak göz
öňünde tutulýar.
Forumyň işine
Italiýanyň Täjirçilik ministrliginiň Söwda boýunça agentliginiň ýolbaşçysynyň,
Lombardiýa welaýatynyň prezidentiniň orunbasarynyň hem-de energetika, nebitgaz,
himiýa, azyk hem-de dokma senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallary, oba
hojalyk, maşyngurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan,
önümçilik pudaklary üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary hem-de oba hojalyk
tehnikasyny öndürýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.