milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady
09.06.2020 806 Habarlar

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Milli Liderimiz gündogar welaýata ugramazdan öň, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Onda paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň depgini, şäher ilatynyň göwnejaý dynç alşy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meselelere seredildi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň oňaýly dynç almagyny üpjün etmek, adamlaryň tebigatda wagtlaryny işjeň we peýdaly geçirmekleri üçin şertleri döretmek baradaky meseläni gozgady. Aşgabadyň demirgazyk böleginde ýerleşen köl şonuň ýaly ýerleriň biridir. Bu ýerde öz döwründe häzirki ýaşuly adamlar işden boş wagtlaryny geçirmegi halaýardylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kölüň kenarynda şäherlileriň, şol sanda çagalaryň wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmegini üpjün etmäge gönükdirilen häzirki zaman düzümleri döretmegiň maksada laýykdygyny nygtap, dynç alýanlar üçin hyzmatlaryň zerur bolan görnüşlerini özünde jemleýän desgalar bilen bir hatarda, iri dynç alyş toplumlaryny, suw attraksionlaryny gurmalydygyny belledi. Şunda ekologiýa ýagdaýyny aýratyn göz öňünde tutmak zerurdyr.

Şeýlelikde, ýakyn geljekde bu ýeri paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň medeni dynç alşynyň ajaýyp künjegine öwrüler. Şonuň bilen birlikde, mähriban ülkämiziň tebigatynyň ägirt uly kuwwatynyň peýdalanylmagy, adam saglygynyň berkemegine, onuň beden taýdan işjeňliginiň artmagyna ýardam berer. Hormatly Prezidentimiz täze desgalara döwrüň ruhuna kybap gelýän atlary dakmaga degişli häzirki döwrüň ýola goýlan däplerine eýerip, köli «Altyn köl» diýip atlandyrmagy teklip etdi.