milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
12.06.2019 480 Habarlar

11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.