Şu gün hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda
alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, welaýat
häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen
meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen,
meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri amala aşyrylýar. Pagta öndürijiler
üçin gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak
işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gögeriş
suwuny tutmak işleri geçirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça
alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek
dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek
dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda
dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler
bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek
işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça
tohumy möwsüme taýýar edildi. Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba
hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy
bolelin üpjün etmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda bu
ekinleri ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle-de wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek
maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine başlamak hem-de ählihalk bag ekmek
dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň
kadalarynyň berjaý edilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen
bir hatarda, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi we birnäçe
tabşyryklary berdi.
Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça
ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil, geriş çekmek, Daşoguz welaýatynda ýuwuş
suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün
etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda üpjün
etmek üçin ähli çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş
möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini agrotehniki möhletlerde
geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi
tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ideg işlerini ýokary
hilli geçirmek, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň ekişini agrotehniki
möhletlerde tamamlamak, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat
ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça
hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, ýazky bag
ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görüp, bu çäräni
ýokary derejede geçirmek babatda tabşyryklary berdi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi
çekip, welaýatlarda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy.