Şu gün Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň
Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk
Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan
bilen duşuşygy boldy.
HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary
2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen
ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we
ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin
ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlygyny beýan edip, hytaý tarapyny
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady
hem-de onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge,
ŞHG-niň giňişliginde abadançylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam
bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Din
Sýuesýany we Hytaý Halk Respublikasynyň dostlukly halkyny Ýeňşiň 80 ýyllygy
mynasybetli gutlady.
Energetika ulgamy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy
ugurlarynyň biridir. 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan
— Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz hytaýly hyzmatdaşlaryň, hususan-da, Hytaýyň Milli nebitgaz
korporasiýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işine ýokary baha berip, munuň üçin
minnetdarlyk bildirdi.
Häzirki wagtda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem aýratyn
ähmiýete eýe. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň öz üstaşyr ulag infrastrukturasyny
işjeň ösdürýändigini aýdyp, Hazarüsti logistika ugruny döretmegiň
mümkinçiliklerine ünsi çekdi hem-de hytaýly hyzmatdaşlary Merkezi Aziýanyň
çäginden, Hazar deňziniň üstünden geçýän we günbatar tarapa uzaýan Türkmenistan
— Hytaý ulag-logistika ulgamyny döretmek boýunça dialoga çagyrdy. Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň HHR bilen milli demir ýol ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak, Hytaýdan täze tehnikalary satyn almak babatda hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, özara haryt dolanyşygynyň
möçberini artdyrmak üçin bilelikde tagalla etmegi teklip etdi. Hususan-da,
ýurdumyz Hytaýa dokma, himiýa senagaty, oba hojalyk we nebit önümleriniň
eksportyny artdyrmaga taýýardyr.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Türkmen talyplary Hytaýyň ýokary okuw
mekdeplerinde bilim alýarlar, Türkmenistanyň birnäçe bilim ojaklarynda bolsa
hytaý dili öwredilýär. Türkmenistan ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz ýokary tehnologiýalar, şol sanda emeli aň tehnologiýalary
ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipleri beýan etdi. Şunda
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, Oguz
han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mümkinçiliklerini ulanmak göz öňünde tutulýar.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň
Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň
Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan iki ýurduň hem
özara hyzmatdaşlygy has-da ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklap,
birek-birege berk jan saglygyny, döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri
arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.