Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý
Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana,
Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa
hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Täze ýyly — Bahar baýramy
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Ýakynda Siziň beýik ýurduňyza amala aşyran ilkinji
döwlet saparymy aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Geçirilen
duşuşyklaryň dowamynda biz açyk we ynanyşykly gepleşikleri geçirdik,
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdyk, ony mundan
beýläk-de ösdürmek üçin anyk maksatlary kesgitledik. Türkmenistan bilen Hytaý
Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan güni — 6-njy
ýanwarda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we
ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze
döwletara ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi. Munuň özi däp bolan
dostlukly gatnaşyklary we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy
has-da pugtalandyrmak ugrunda ýene-de bir möhüm ädim boldy» diýip, döwlet
Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady we umumy abadançylygyň bähbidine laýyk
gelýän türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn
pugtalandyrmaga Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny aýratyn belledi.