milli goshun logo
Jemgyýetçilik ösüşinde milli ýörelgeleriň orny pugtalandyrylýar
Jemgyýetçilik ösüşinde milli ýörelgeleriň orny pugtalandyrylýar
15 sagat öň 19 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler baradaky hem-de käbir guramaçylyk meseleleri girizildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň täze agzalygyna kabul etmek hem nobatdaky maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Bu mesele boýunça çykyş edenler ýerli halk maslahatlaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we ýaşululardan teklipleriň gelip gowşandygyny aýdyp, halk arasynda uly hormatdan peýdalanýan, il sylagly ýaşululary agzalyga hödürlemek boýunça degişli işleriň geçirilendigi, olaryň ýokary şahsy häsiýetleri, guramaçylyk we beýleki başarnyklary barada aýtdylar.

Aşgabat şäheri boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Meretgeldi Gulgeldiýew hödürlenildi.

Aşgabat şäheri boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Aşgabat şäheri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew hödürlenildi.

Ahal welaýaty boýunça Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili, Hormatly il ýaşulusy Kakajan Täşliýew hödürlenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna hödürlenilen ýaşulular maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan saýlanyldy.