milli goshun logo
«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
16 sagat öň 21 Habarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, iňlis, rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy, şol sanda golýazma, dil biliminiň meseleleri, edebiýaty öwreniş, taryh ylymlary boýunça täze açyşlaryň hem-de barlaglaryň netijeleri barada makalalar toplumyny okyjylara ýetirmegi dowam edýär.

    Ýokary çap usulynda neşir edilen žurnalyň häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleriniň we fotosuratlarynyň nusgalary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelendigini bellemek gerek. Her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnaly giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.