Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly
baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň
arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary
gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda
türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli bagşyçylyk
sungatyny kämilleşdirmäge, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, il içinden
sungata höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga döwletimiz tarapyndan uly
üns berilýändigi nygtalýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň
Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy
bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem geljekde
aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmäge ukyply nesilleri ýüze çykarmakda, olary
höweslendirmekde özboluşly ähmiýete eýedigi bellenýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz Gutlagynda: «Siz ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda döredilen şertlerden ýerlikli peýdalanyp, geljekde-de özüňiziň sungata söýgiňiz bilen türkmen bagşyçylyk sungatyny has-da kämilleşdirmek üçin döredijilikli zähmet çekmelisiňiz. Türkmen dutarynyň hem-de gyjagynyň joşgunly owazynyň dünýäde belent ýaňlanmagy ugrunda juwan kalbyňyzda ylhamyňyz, zehiniňiz hemişe gaýnap durmalydyr» diýip, bäsleşige gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýär.